Germaniýada dowam edýän 17-nji Ýewropa çempionatynda toparçalardaky duşuşyklar tamamlandy. Toparçalarda 81 gol geçirilip (ortaça 2,25 gol), ähli toparlar azyndan 1 utuk gazanmagy başardy. Ähli toparlar gol geçirip, Germaniýa iň köp gol geçiren topar boldy. Ispaniýa ýeke gol hem geçirtmedi. Netijede, 24 ýygyndynyň 16-sy ýaryşy dowam edip, galan 8-si öýlerine dolanmaly boldy. Horwatiýadyr Serbiýanyň, Çehiýanyň, hatda Ukrainanyň ýygyndylary ýaly bu ýaryşa ozal ençeme gezeK gatnaşan toparlar ýaryşy dowam etdirip bilmedi. Olaryň ornuna Slowakiýadyr Sloweniýanyň hem-de ilkinji gezek gatnaşýan Gruziýanyň 1/8 finala çykmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Aýratynam horwatlaryň gynançly ýagdaýda, soňky minutda geçirden goly esasynda 1/8 finalyň petegini elden gidermegi olaryň janköýerleri üçin uly urgy boldy.
«A» toparçadaky 3-nji duşuşyklaryň soňky pursatlary ykbal kesgitleýji boldy. Ýer eýeleri Germaniýanyň ýygyndysy bilen Şweýsariýanyň ýygyndysynyň arasyndaky oýnuň ahyrky minutlarynda Füllkrugyň goly esasynda nemesler ýeňlişden halas bolup, toparçada 1-nji orny eýeledi. Wengerler bolsa Çobotyň 90+10-njy minutda geçiren goly esasynda şotlandlary 1-0 hasabynda ýeňdi. Bu ýeňiş olaryň 1/8 finala çykmagy üçin ýeterlik bolmady. Şotlandlara 4-nji gezek gatnaşan Ýewropa çempionatynda-da toparçadan çykmak başartmady. Şotlandiýa soňky gezek 1998-nji ýylda gatnaşan Dünýä Kubogynda-da 8 sapar, jemi 2 uly ýaryşda 12-nji gezek toparçadan çykyp bilmedi.