«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Bilermenleriň bellemegine görä, Gün şöhlesiniň gyzgynlygy ýyl-ýyldan artyp, bu ýagdaý, aýratynam, Gün şöhlesiniň ýiti we dik düşýan möwsümi bolan tomus paslynda has-da güýjeýär. Dogry kabul edilende, D witaminiň çeşmesi bolan Gün şöhlesiniň mukdary artsa, adam bedenine ýaramaz täsir edip, jöwzaly yssyda Gün urma hadysasynyň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär. Munuň öňüni almak üçin bolsa Günden goranmak zerurdyr.