«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Häzirki wagtda fotoreportaž bilen diňe bir professional fotoreportýorlar meşgullanmaýarlar. Eýsem, elinde sanly (sifrowoý) kamerasy bolan islendik adamyň «pursat tutup bilmek» we esasy wakanyň merkezinden surat almak mümkinçiligi bardyr. Fotoreportaž häzirki wagtda biziň gündelik durmuşymyzda giňden ulanylýar. Iň ýönekeýje mysaly hökmünde syýahat edilende, gezelenje gidilende, şüweleňlerde düşürilýän erkin suratlary almak bolar.