Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygy ugrunda

26 Iýun 2024
179

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi ösüşleriň hem rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiz: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň öňde goýan ägirt uly wezipelerimiziň baş maksady Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmekden ybaratdyr» diýip nygtaýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ähli ugurlarda ýetilýän belent sepgitler, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň günbe-günden ýokarlanmagy şol wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň güwäsidir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly daşary we içeri syýasatynyň netijesinde bu günki gün eziz Diýarymyz ykdysady taýdan kuwwatly ýurt hökmünde dünýäde meşhurlyk gazandy. Täze taryhy eýýamda ýakyn we uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalara, giň gerimli taslamalara badalga berilmegi ösüşleriň hem rowaçlyklaryň dowamat-dowam boljakdygynyň kepilidir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» munuň aýdyň subutnamalary hökmünde görkezmek bolar. Halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen şu we beýleki maksatnamalarda göz öňünde tutulýan wezipeleriň durmuşa geçirilmegine goşant goşmak biziň her birimiziň borjumyzdyr.

Amangeldi SARYÝEW,
welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar