Medeniýet halkyň kalbydyr

24 Iýun 2024
521

Ýakynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly maslahat geçirildi.

Onda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilmeginiň ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilik, edep-terbiýe mowzukdaky goşgularyny ýaş nesillere wagyz-nesihat etmek maksady bilen, ýurdumyzyň çar künjeginde dabaralaryň geçirilýändigini bellediler.

Käkilik ÖWEZBERDIÝEWA,
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktorynyň orunbasary.
Beýleki habarlar