«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024
Uly şowhun bilen dowam edýän Ýewropanyň futbol çempionatyna dünýäniň dürli künjünde uly gyzyklanma bilen tomaşa edilýär. Ýewropa çempionatyna gatnaşýan ýygyndylaryň düzüminde Aziýanyň toparlarynda çykyş edýän futbolçylaryň kändigi türkmenistanly janköýerlerde yklym birinjiligine has uly gyzyklanma döredýär. Şu ýagdaýy göz öňünde tutup, «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» hepdelik elektron goşundysynda Ýewropa çempionatynda çykyş edýän, Aziýanyň toparlarynda oýnaýan futbolçylardan ybarat bolan mysaly ýygyndyny düzdi.