Ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirlikleriniň hünärmenleriniň, sport mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň, sportuň görnüşleri boýunça tälimçi-mugallymlarynyň gatnaşmagynda onlaýn görnüşinde okuw-maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň kiçi mejlisler zalynda guralan maslahaty komitetiň sport mekdepleriniň işini we sport çärelerini guramak bölüminiň başlygy Juma Jumaýew açdy. Soňra Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bedenterbiýe we gimnastika kafedrasynyň uly mugallymy Döwran Myradow Olimpiýa oýunlarynyň taryhy, ähmiýeti hem-de türkmen türgenleriniň bu oýunlara gatnaşmagy boýunça çykyş etdi.