Klublaryň arasyndaky iň esasy bäsleşik hasaplanýan UEFA Çempionlar Ligasy täze möwsümde täze formatda geçiriler. Umumylykda 70-nji UEFA Çempionlar Ligasy adyny alanyndan bäri-de 33-nji gezek geçiriljek ýaryşyň taryhynda 3-nji gezek formaty üýtgär. Irki ýyllarda diňe her ýurduň çempionynyň gatnaşan bäsleşigi utulan-çykdy tapgyrlary esasynda guralýardy. 1992/93 möwsüminden başlabam ýaryş ilki toparçalaýyn, soňra utulan-çykdy tapgyrlar esasynda geçirilip gelýärdi. 1990-njy ýyllaryň ahyrlarynda ýaryşa diňe çempion klublar däl, eýsem, çempionatda öňdäki 4 orny (ýurduna görä üýtgeýär) eýelänler hem goşulyp ugrady. Ine, indi bolsa utulan-çykdy hem-de toparçalaýyn formatlaryndan soň, täze formatda, ýagny liga formatynda geçiriler.
Täze möwsümde klublaryň, şol sanda geçiriljek duşuşyklaryň sany hem artdyrylar. Liga ýa-da ozalky formatda aýdylanda, toparçalaýyn tapgyra 32 däl-de, 36 klub gatnaşar. Şol 36 klubuň 29-sy gönümel, has takygy, saýlama duşuşyklaryny geçirmezden ýaryşa wekilçilik ederler. Olar klublaryň çempionatlardaky gazanan netijeleri esasynda ýurtlaryň reýtingine görä kesgitlenilýär. Häzirki wagtda ýaryşyň liga tapgyrynda çykyş etjek klublaryň 29-sy belli. Galan 7 orun üçin bolsa 52 klub 4 tapgyrly utulan-çykdy saýlama duşuşyklaryny geçirerler. Şol saýlama duşuşyklaryň 1–2-nji tapgyrynyň bijeleri çekildi. Ýaryşa jemi 53 ýurtdan 81 klub wekilçilik eder. Bilşiňiz ýaly, UEFA-nyň 55 agza ýurdy bolup, şolardan diňe Lihtenşteýnde milli çempionat geçirilmeýär. Ýurduň klublary Şweýsariýanyň çempionatlaryna wekilçilik edip, Lihtenşteýnde kubok bäsleşigi guralýar. Onuň ýeňijisi-de Konferensiýa Ligasyna gatnaşýar. Eýsem, liga tapgyryna ýollanma alan 29 klubuň arasynda haýsy toparlar bar.