Täze şäheriň teatry

19 Iýun 2024
601

Arkadag şäheriniň Sabyr Ataýewa köçesiniň ugrunda ýerleşýän bu teatryň ajaýyp binasy ak mermer bilen örtülen. Onuň daş-töweregi gök baglar we suw çüwdürimli meýdançalar bilen gurşalan.

4 gatdan ybarat teatryň 1-nji gatynda giň eýwany, naharhanasy we 500 orunlyk tomaşaçylar zaly bar. 2-nji gatynda mejlisler zaly, administrasiýa we grim otaglary, maslahat zaly, şeýle-de tikin sehi ýerleşdirilen. Artistler üçin kiçi taýýarlyk zaly we ses ýazgy studiýasy teatryň 3-nji gatynda bolup, 4-nji gatynda uly taýýarlyk zaly gurnalan. Mundan başga-da, teatr internet ulgamy, sinhron terjime üçin enjamlar, sanly ulgamda ştanketler, aýlanýan sahna, gerekli bolan döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan.

Mährijemal HYDYROWA,
Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň kätibi.
Beýleki habarlar