Belent sepgitlere ýetilýär

19 Iýun 2024
298

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda alnyp barylýan işler barha rowaç alýar. Has takygy, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäheri “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edildi.

Şeýle-de, Aziýanyň Tennis Federasiýasy tarapyndan Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň “Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi” diýlip yglan edilmegi we bu barada degişli güwänamanyň gowşurylmagy sport ussatlary bilen birlikde türkmen halkyny hem diýseň begendirdi, buýsandyrdy. Şeýle buýsandyryjy wakalar türkmen sportunyň ýylsaýyn ösüş-özgerişlere eýe bolýandygyny açyp görkezýär.

Beýleki habarlar