Türk­men-ko­reý hyz­mat­daş­ly­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­rini gi­ňelt­me­giň ýo­lun­da

13 Iýun 2024
347

11-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzdaky «Arkadag» myhmanhanasynda Gahryman Arkadagymyz we maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoly hem-de sapar wagtynda ýanynda bolýan maşgalasy Kim Kon-Hini mähirli mübäreklediler.

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Başlygy dost­luk­ly döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny bi­len du­şu­şy­gyn­da şu ge­zek­ki sa­pa­ryň döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hyn­da mö­hüm wa­ka­dy­gy­ny bel­le­di. Türk­me­nis­tan Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­na dost we yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş hök­mün­de ga­ra­ýar hem-de bu ýurt bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýär. Hyz­mat­daş­ly­gyň bar bo­lan uly kuw­wa­ty­nyň do­ly de­re­je­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi umu­my bäh­bit­le­re la­ýyk gel­ýär. Pre­zi­dent Ýun Sok Ýol bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­ga üýt­gew­siz gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy.

Beýleki habarlar