Ýaşlar syýasaty rowaçlanýar

11 Iýun 2024
583

Türkmenistan Durnukly ösüşiň meýilnamalaryny amala aşyrmaga yzygiderli gatnaşýar. Ýurdumyz ýaş nesle durnukly ösüşi gazanmagyň strategik güýji hem ygtybarly kepili hökmünde garap, tagallalaryny olaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň jogapkär raýatlar, kämil bilimli, hünärmenligiň ussatlygynyň ýokary derejesini we başarnyklaryny özleşdiren nesiller bolmaklary üçin ähli tagallalar edilýär.

Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaşlaryň durmuş taýdan berkarar bolmagy, ösmegi we mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi üçin hukuk, ykdysady, guramaçylyk şertlerini we kepilliklerini döretmäge gönükdirilen döwlet işini emele getirýär. Türkmenistan ýaşlara ýurdy durmuş-ykdysady, syýasy we ruhy-ahlak taýdan ösdürmegiň serişdesi, onuň medeni-durmuş taýdan dikeldilmeginiň çeşmesi hökmünde aýratyn ähmiýetinden, şeýle hem ýaşlaryň bilim almak, hünär edinmek, durmuş ýoluny saýlap almak, maşgala gurmak we özbaşdak durmuşa başlamak ýaly tapgyrlarda ýüze çykýan özboluşly durmuş meseleleriniň ykrar edilmeginden ugur alýar.

Myrat TAGANOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.
Beýleki habarlar