Beýik döwrümiziň edebi sütüni

8 Iýun 2024
648

Žurnalymyzyň şu sany türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili, Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanylýar. Bu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Karary bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenilip geçilýär. Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy bu günki günde söz ussadynyň ömri we döredijiligine goýulýan hormatyň çäksizdigini aýdyň äşgär edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyza Täze ýyl Gutlagynda: «2024-nji ýyl beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak şanly senelere beslener. Biz halkymyzyň özboluşly däp-dessurlarynyň, taryhy-medeni mirasynyň goralyp saklanmagyna, ylmy esasda çuňňur öwrenilmegine we wagyz edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatymyzy mundan beýläk-de dowam etdireris» diýip belleýşi ýaly, badalga berlen edebi hem-de medeni dabaralaryň gerimi giňden tutulýar.

«Garagum».
Beýleki habarlar