Ýurdumyzyň sport diplomatiýasy: dostlugyň we agzybirligiň aýdyň ýoly

6 Iýun 2024
376

Arkadagly eýýamymyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz dünýäde sportly mekan hökmünde ykrar edildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanmaga berlen iň kämil mümkinçilikli sport desgalary ýokary derejeli sporty ösdürmäge we dünýä ýaryşlaryny geçirmäge mümkinçilikleri döretdi. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň dünýädäki sport abraýyna şöhrat getirýän türgenler kemala geldi.

2018-nji ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda Ýulduz Jumabaýewanyň itekläp götermekde 104 kilogram agram bilen we jemi 179 kilogram agram bilen ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny täzeläp, gazanan altyn medaly, 2021-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Polina Gurýewanyň agyr atletika boýunça 59 kilograma çenli agramda çykyş edip, 2-nji orna we kümüş medala mynasyp bolmagy ýurdumyzyň sport taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ýeri gelende bellesek, halkara sport çärelerinde Watanymyza mynasyp wekilçilik edýän türgenleri döwlet derejesinde sylaglamak, olara Şa serpaýlaryny gowşurmak  Arkadagly eýýamymyzda asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowamat-dowama öwrülen asylly işler bolsa dünýäniň sport däplerini döwrebap öwüşginler bilen baýlaşdyrýar.

Hanjar NURGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi serhetçiler hassahanasynyň lukmany, lukmançylyk gullugynyň leýtenanty.
Beýleki habarlar