Gadymy toprakda halyçylyk sungaty

5 Iýun 2024
432

Ýakynda Milli Liderimiz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyranda geçen asyryň 20-nji ýyllarynda döredilen Gökdepe çeper haly fabrigi barada aýdyp, onuň öz döwründe ýurdumyz boýunça öňdebaryjy kärhanalaryň biri bolandygyny nygtady.

1927-nji ýylda rus alymy S.Dudin: «Türkmenleriň we parslaryň haly önümlerini taýýarlamakda ulanýan usullarynyň, dokma stanogynyň gurnalyşynyň, haly dokamakda materiallary ulanmagyň tärleriniň, reňkleriň utgaşyklylygynyň, şeýle-de halylaryň çeperçiliginiň biri-birinden düýpgöter tapawutlanmagy türkmenleriň halyçylyk senedi bilen has gadymy döwürlerden bäri meşgullanyp gelýändigini görkezýär» diýip ýazypdyr.

Merdan HYDYROW,
«Gökdepe» milli muzeýiniň direktory.
Beýleki habarlar