«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024
Maý aýynyň ilkinji günlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä futbol gününi döredendigi baradaky habar ýaýran wagty bu wakanyň kalbynda şatlyk döreden adamlarynyň hatarynda bardygym üçin galama ýapyşman bilmedim. Resmi maglumatlara salgylansaň, dünýä ýüzünde futbol bilen meşgullanýan we oňa tomaşa edýän adamlaryň sany 5,5 milliarddan hem geçýär. Munuň özi dünýäde her ikinji adamyň bu täsin oýnuň täsirini duýup ýaşaýandygyny görkezýär. Şol täsir hakda gürrüň etmek üçin janköýer bolmak gerek. Çünki janköýer diňe bir futbola tomaşa edip oňanok. Ol futbol bilen ýaşaýar. Ony hemişelik hemrasyna öwürýär. Diýmek, söýýär. Söýgi hem hil-hil bolýar.