«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024
2018-nji ýyldan bäri her ýylyň 3-nji iýuny Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi. BMG-niň senenamasynda bu senäniň peýda bolmagy Milli Liderimiziň bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge, milli, sebit hem-de ählumumy möçberde jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmäge goşýan ägirt uly goşandynyň ýokary bahasynyň subutnamasyna öwrüldi. Şunuň bilen bagly her ýylyň 3-nji iýunynda bütindünýäde welosiped güni giňden bellenilip geçilýär.