«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024
Agzybir halkymyzyň abadan, bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny yzygiderli ýokarlandyrmak, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli, aň-paýhas taýdan kämil nesli kemala getirmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň baş maksadydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlary esasynda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler nusgalykdyr. Bu döwletli tutumlar berkarar Diýarymyzy sagdynlygyň, ruhubelentligiň mekany hökmünde jahana meşhur etdi.