«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024
Gürrüňimizi Daşoguz welaýatynda milli welosportuň ösmegine täsirini ýetiren özboluşly mekdebiň bolanlygy bilen dowam etdirsek has ýerlikli bolar. Ençeme gezek çempion bolan türgenler, ençe çempionlary ýetişdiren tälimçiler hökmünde tanalýan Döwran Nurmedow, Nargeldi Igdirow, Emir we Iner Jumaýewler bilen söhbetdeş bolanyňda, olaryň ählisi hem ilkinji tälimçisi, halypasy hökmünde Muhammet Nurmedowyň adyny agzaýarlar.