Ynsan üçin ähmiýetli ulag
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul eden Kararnamasy esasynda, her ýylyň 3-nji iýunynyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilenine alty ýyl dolýar. Şondan bäri her ýyl bu sene dünýäniň ähli künjeginde ýokary derejede bellenilip gelinýär.