Ikinji gezek kuboga mynasyp boldy

27 Maý 2024
342

Geçen hepdäniň şenbe güni futbol boýunça Germaniýanyň Kubogynyň final oýny geçirildi. Onda «Kaýzerslautern» hem-de «Baýer» toparlary duşuşdylar.

Berlin şäherindäki «Olimpiýa» stadionynda geçirilen oýun «Baýeriň» 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Oýundaky ýeke-täk gol 17-nji minutda Granit Jaka tarapyndan geçirildi. Duşuşyk barada ýene bir bellenilmeli zat, oýnuň 44-nji minutynda «Baýeriň» oýunçysy Kossunu gyzyl kart alyp, meýdançadan çykaryldy. Ýöne muňa garamazdan, «Baýer» ýeňşi gorap saklamagy başardy.

Taýýarlan: Agatoýly ALLABERDIÝEW,
TDBGI-niň talyby.
Beýleki habarlar