Sportuň dünýäde giňden ýaýran görnüşleriniň biri bolan ýaý atmak öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Häzirki wagtda Halkara ýaý atmak federasiýasy FITA ady bilen hereket edip, onuň düzümine 140-dan gowrak döwletiň milli federasiýalary girýär. FITA-nyň edara binasy Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde ýerleşýär. Şeýle-de, ýaý atyjylaryň ýene bir birleşmesi bolup, ol EMAU diýlip atlandyrylýar.
1900-nji ýylda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda ilkinji gezek ýaý atmak boýunça ýaryşlar geçirilýär. Şondan soňra dünýäniň iň uly ýaryşlarynda sportuň bu görnüşi boýunça bäsleşikler 1920-nji ýylda geçirilen tomusky Oýunlaryna çenli guralýar. 1972-nji ýylda Germaniýanyň Mýunhen şäherinde geçen tomusky Olimpiadada ýaý atmak boýunça ýaryşlar gaýtadan dikeldilýär. Şondan bäri sportuň bu görnüşi boýunça bäsleşikler Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna yzygiderli girizilip gelinýär we erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda aýratynlykda guralýar.