Bolgariýanyň çempionatynda soňky 12 ýylda bolşy ýaly, bu möwsümde-de çempion üýtgemedi. Razgrad şäheriniň «Ludogores» topary möwsümiň tamamlanmagyna 3 tapgyr galanda, çempionlygyny yglan etdi. Bu olaryň yzly-yzyna gazanan 13-nji çempionlygy bolup, bu görkeziji dünýä futbolynda iň ýokary 3-nji görkezijidir. Bu ugurda rekord Wanuatunyň «Tafea» toparyna degişli bolup, ýurduň paýtagty Port Wila şäheriniň wekili 1994 – 2009-njy ýyllar aralygynda yzly-yzyna 15 gezek çempionlyk gazanypdy. Latwiýanyň «Skonto» (1991 – 2004), Gibraltaryň «Linkoln» (2003 – 2016) klublary-da yzly-yzyna 14 gezek çempion bolupdylar.
Şeýle-de, Şotlandiýada «Seltik» bassyr 3-nji, umumylykda 54-nji çempionlygyny gazandy we bu ugurda 55 çempionlygy bolan «Reýnjerse» golaýlady. Horwatiýada «Dinamo Zagreb» yzly-yzyna 6-njy, umumylykda-da 25-nji gezek ýurduň çempiony bolmagy başardy. Ukrainada-da soňky duşuşykda «Dinamo Kiýewden» 1-0 hasabynda üstün çykan «Şahtýor Donesk» taryhyndaky 15-nji çempionlygyny baýram etdi.