Türkmenistanyň milli futbol çempionatynda sanawyň ýeňlişsiz lideri «Arkadag» topary uly hasaply ýeňiş gazanmagyny dowam edýär. «Arkadag» topary 14-nji tapgyrda «Aşgabat» toparyndan 7–1 hasabynda üstün çykdy. Ýer eýeleriniň gollarynyň 3-sini Didar Durdyýew (54, 56, 63), beýlekileri-de Welmyrat Ballakow (10), Begenç Akmämmedow (45+2) hem-de Begmyrat Baýow (52,87) geçirdi. Duşuşykda ilkinji bolup hasaby açan paýtagtlylaryň ýeke-täk pökgüsini 4-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Begmyrat Pirkulyýew derwezä girizdi. «Altyn asyr» bilen «Ahalyň» arasyndaky oýunda myhmanlar 2-0 öňe saýlansa-da, duşuşykda ýeňiş gazanan bolmady (Myrat Annaýew 66 p, Ata Geldiýew 84 ö.d. — Elman Tagaýew 16, Meýlis Diniýew 47).
14-nji tapgyrdaky beýleki 2 duşuşykda-da ýer eýeleri 1–0 hasabynda ýeňiş gazandy. Maryda welaýat derbisinde «Merw» «Energetigi» Şazada Bäşimowyň (77), «Şagadam» bolsa öz meýdançasynda «Köpetdagy» Mekan Aşyrowyň (80 p) goly esasynda ýeňdi.