Estafetaçylar bäsleşdi

16 Maý 2024
419

Ýakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli Gyzylarbat etrabynyň mekdep okuwçylarynyň arasynda ýeňil atletikanyň estafeta görnüşi boýunça sport bäsleşigi geçirildi. Ýaryşy etrabyň jemgyýetçilik guramalary, bedenterbiýe we sport bölümi gurady. Bäsleşigiň maksady ýeňil atletikaçylaryň sport ussatlyklaryny ýokarlandyrmak, saglyklaryny berkitmek, sagdyn bedenli ruhubelent nesli terbiýeläp ýetişdirmek bolup durýar.

Bäsleşik 14 tapgyrdan ybarat  bolup, her toparda 14 türgen çykyş etdi. Bäsleşigiň jemi boýunça 1-nji orna şäheriň 18-nji orta mekdebiniň topary mynasyp boldy we estafetaçylaryň göçme kubogyny almagy başardy. 2-nji orna şäherdäki 21-nji, 3-nji orna bolsa 28-nji orta mekdebiň topary mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Jumamuhammet MAHMYDOW,
TKA-nyň Gyzylarbat etrap birleşmesiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar