Halkara ýaryşdan medally

3 Maý 2024
372

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndy topary Belarus Respublikasynda geçirilen halkara ýaryşda ikinji orny eýeledi.

Jemleýji duşuşygyny Belarusuň regulýar çempionatynyň MFK «Minsk» kluby bilen geçiren ýygyndy toparymyz 3:2 hasabynda ýeňiş gazanmagyň hötdesinden geldi. Mundan öň Türkmenistanyň ýygyndy topary Minsk şäherinde ýurduň çempionatyna gatnaşyjy «Ohrana-Dinamo» klubuny 7:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi. Türkmen topary birinji duşuşygynda Belarusuň ýygyndysyndan asgyn gelipdi. Geçiren duşuşyklarynyň üçüsini hem ýeňiş bilen jemlän Belarusuň ýygyndy topary ýaryşyň ýeňijisi boldy.

Beýleki habarlar