Gyzykly geçen ýaryşlar

3 Maý 2024
324

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli sport ýaryşlary biri-birine ulaşýar. Beýik şahyrymyzyň dogduk mekanynda welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň we Magtymguly etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçirilen woleýbol ýaryşlary hem bu senä bagyşlandy.

Welaýatymyzyň woleýbol boýunça açyk çempionatyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden toparlar gatnaşyp, onda birinji orny Mary welaýatynyň «Asuda asman» topary eýeledi. Ikinji orna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Nebitçi», üçünji orna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň «Binagär» toparlary mynasyp boldular.

Aşyr BERDIÝEW.
Beýleki habarlar