«Mançester Sitiden» öňe geçdi

3 Maý 2024
470

Ang­li­ýa­nyň 2-nji li­ga­sy «EFL Cham­pions­hip»-de «Les­ter Si­ti» çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan edip, bir ýyl­dan soň «Pre­mi­er Li­ga» do­lan­dy. 45-nji tap­gyr­da «Pres­ton Nort End» to­pa­ry­ny Jeý­mi War­di (2) hem-de Keý­zi Ma­kA­ti­riň gol­la­ry bi­len 3–0 ýe­ňen «Les­ter Si­ti» 2-nji li­ga­da 8-nji ge­zek çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­dy. Olar bu ugur­da «Man­çes­ter Si­ti­niň» re­kor­dy­ny (7 çem­pi­on­lyk) tä­ze­le­me­giň höt­de­sin­den gel­di. «Les­ter Si­ti» 45 oýun­da 97 utuk top­la­dy. 2-nji ýer­de 93 utuk top­lan «Ips­wiç Tawn» bar­ýar. Ola­ra «Pre­mi­er Li­ga» çyk­mak üçin soň­ky tap­gyr­da 1 utuk hem ýe­ter­lik bo­lar.

Ita­li­ýa­nyň 2-nji li­ga­sy «Se­rie B»-de «Par­ma» to­pa­ry 36-njy tap­gyr­da «Ba­ri» bi­len 1–1 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy. Bu deň­lik ola­ryň 3 ýyl­dan soň «Se­rie A» do­lan­ma­gy üçin ýe­ter­lik bol­dy. 36 oýun­da 74 utuk top­lan «Par­ma» soň­ky ge­zek 2020/21 möw­sü­min­de «Se­rie A»-da çy­kyş edip­di. «Se­rie B»-de «Ko­mo» 71 utuk bi­len 2-nji orun­da bar­ýar. Olar in­di­ki tap­gyr­da ýe­ňiş ga­zan­sa, «Par­ma­dan» soň ýo­ka­ry li­ga çy­kan 2-nji klub bo­lar.

Beýleki habarlar