Pa­riž­dä­ki Py­ra­gy­ly pur­sat­lar

2 Maý 2024
524

Go­laý­da Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty Pa­riž­de ÝU­NES­KO-nyň we TÜRK­SOÝ-yň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len çä­re­ler mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi dün­ýä ýaý­mak­da, halk­la­ryň ara­syn­da­ky me­de­ni gat­na­şyk­la­ry je­bis­leş­dir­mek­de no­bat­da­ky ädim bol­dy. Iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan çä­re­le­riň çäk­le­rin­de gu­ra­lan «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy we Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni mi­ra­sy» at­ly ser­gi­de Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­niň gaz­na­syn­da sak­lan­ýan, ÝU­NES­KO-nyň me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len gym­mat­lyk­lar, ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň eser­le­ri gör­ke­zil­di.

Bi­le­lik­dä­ki türk­men-fran­suz ar­heo­lo­gik to­pa­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­niň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len yl­my-ama­ly mas­la­hat­da çy­kyş eden­ler şeý­le me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň bar­ha gi­ňe­me­gi­niň halk­la­ryň ýa­kyn­laş­ma­gy­na we me­de­ni­ýet­le­riň öza­ra baý­laş­ma­gy­na ýar­dam ed­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar. Ge­çen ýyl­lar­da bi­le­lik­dä­ki ar­heo­lo­gi­k to­pa­ry ta­ra­pyn­dan ta­ry­hy ýer­ler­de ge­çi­ri­len yl­my-göz­leg iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da-da dur­lup ge­çil­di.

Aý­gül KA­KA­ÝE­WA,
Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.
Beýleki habarlar