Üstünliklere beslenen aý

2 Maý 2024
466

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan sportuň dzýudo görnüşi boýunça 2010, 2011, 2012, 2013-nji ýylda doglan ýetginjek oglanlaryň we gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda mekdebimiziň 4-nji synp okuwçysy Roza Kazakowa 27 kilogram agramda 3-nji orny eýelemegi başardy. Şeýle hem Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasy tarapyndan 2007-nji ýylda doglan oglan-gyzlaryň arasynda woleýbol boýunça geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde mekdebimiziň 11-nji synp okuwçysy Sewinç Ýangaberdiýewa 2-nji orna mynasyp boldy.

Şu ýylyň 5-nji aprelinde «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy tarapyndan Daşoguz şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri» atly sportuň küşt görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Yhtyýar we Asal Babajanowa dagy 3-nji orna mynasyp boldular. Toparlaýyn ýaryşda hem 3-nji orny eýelediler.

Güljahan BEKGYLYJOWA,
Daşoguz şäherindäki 18-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar