Sagdyn ýaşlar — ygtybarly geljek

1 Maý 2024
409

Halkymyzyň beden we ruhy sagdynlygyny gazanmakda sport hereketlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Arkadag şäherinde Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirlikleri döredildi, köpugurly sport toplumlary, merkezleri we mekdepleri, stadionlar, aýlawlar gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berildi. Jemgyýetçilik binalarynyň hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň ýanaşyk ýerlerinde sport meýdançalary döredildi.

Döredilýän şeýle uly mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy Gahryman Arkadagymyzyň «Sport türgenleşiklerinde berkän ýaşlar biziň ygtybarly geljegimiziň daýanjydyr» diýýän gymmatly sözlerini ýörelge edinip, ýaş nesilleriň ussat türgenler bolup ýetişmekleri, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri, ýurdumyzyň sport abraýyny dünýä tanatmaklary ugrunda meýilnamalaýyn işleri durmuşa geçirýär.

Mekan AMANLYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar