Sporta söýgini artdyrýan çäreler

1 Maý 2024
559

Halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde, sporty ösdürmekde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Diýarymyzyň çar künjeginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş desgalarynyň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, sport desgalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi Watanymyzyň, hakykatdan-da, sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanydygyna güwä geçýär. Saglygyň esasy girewi hasaplanylýan bedenterbiýäniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy, sportuň dürli ugurlarynyň ösdürilmegi döwrümiziň özboluşly ýörelgesine öwrüldi. Bu bolsa, esasan-da, ýaş nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmegine öz oňyn täsirini ýetirýär.

Ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň birnäçesi kabul edildi. Şolar esasynda hem türkmen sportunyň abraýyny belende galdyrjak ýaş türgenleriň ýüze çykmagy ugrunda ençeme işler alnyp barylýar. Biz hem etrabymyzda bu barada wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirip durýarys. Şol çärelerde sportuň adama sagdynlyk hem ruhubelentlik bagyşlaýandygy, öz güýjüňe hem başarnygyňa ynamy artdyrýandygy, umuman, sporty hemra edinmekligiň durmuşyňy gözelleşdirýändigi barada giňişleýin gürrüň edilýär. Ýylyň dört paslynda sport bilen meşgullanmak üçin Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ähli şert-mümkinçilikleriň döredilendigi aýratyn buýsanç bilen nygtalýar.

Annaberdi Hydyrow,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Bereket etrap komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.
Beýleki habarlar