20-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nan «In­ter» 2-nji ýyl­dy­zyň eýe­si bol­dy

26 Aprel 2024
447

Ger­ma­ni­ýa­nyň «Bun­des­li­ga­syn­dan» soň Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy çem­pio­nat­la­ry­nyň ýe­ne bi­rin­de möw­sü­miň çem­pio­ny bel­li bol­dy. Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Se­rie A»-da «In­ter» to­pa­ry şä­her der­bi­sin­de kö­ne bäs­de­şi «Mi­la­ny» 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňip, ta­ry­hyn­da­ky 20-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy we 2-nji ýyl­dy­zyň eýe­si bol­dy.

Ju­sep­pe Me­az­za sta­dio­nyn­da oý­na­lan du­şu­şyk çe­ke­le­şik­li hem-de dart­gyn­ly ýag­daý­da geç­di. 18-nji mi­nut­da Fran­çes­ko Açer­bi ha­sa­by aç­dy. 49-njy mi­nut­da Mar­kus Tu­ram 2-nji go­ly «Mi­la­nyň» der­we­ze­sin­den ge­çi­rip, çem­pi­on­ly­ga bar­ýan ýo­ly ha­sam ýa­kyn­laş­dyr­dy. Oý­nuň 80-nji mi­nu­tyn­da Fi­ka­ýo To­mo­ri­niň go­ly «Mi­la­ny» soň­ky mi­nut­lar üçin umyt­lan­dyr­sa-da, bu ola­ra ýe­ter­lik bol­ma­dy. Ga­lan mi­nut­lar­da «Mi­lan» kö­ne bäs­de­şi­niň öz­le­ri­ni ýe­ňip, çem­pi­on­lyk ga­zan­maz­ly­gy üçin el­de ba­ry­ny et­se-de, «In­ter» 2-1 ha­sa­byn­da ýe­ňip, möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 5 tap­gyr ga­lan­da 17 utuk ara­ta­pa­wut bi­len çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan et­di. Oý­nuň soň­ky mi­nut­la­ryn­da «Mi­lan­da» Her­nan­des bi­len Ka­lab­ria, «In­ter­de» bol­sa Dumf­ris gy­zyl kart al­dy. «Mi­la­ny» soň­ky 6 oýun­da ýe­ňen «In­te­riň» tä­lim­çi­si Si­mo­ne In­za­gi tä­lim­çi­lik kar­ýe­ra­syn­da­ky il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Ol fut­bol­çy­lyk ýyl­la­ryn­da-da «La­sio» bi­len bir sa­par çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­dy.

Beýleki habarlar