Woleýbol ýaryşy

26 Mart 2024
342

Sarahs etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň sport zalynda «Sagdyn nesil — bagtyýar geljek» ady bilen woleýbol ýaryşy geçirildi. Oňa etrapdaky orta mekdepleriň 14-15 ýaşly okuwçy gyzlaryndan düzülen toparlar gatnaşdy.

«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçen ýaryş mekdep okuwçylaryna woleýbol sporty boýunça ussatlygyny görkezmäge mümkinçilik berdi. Gyzykly duşuşyklary bilen alamatlanan ýaryşyň netijesinde etrapdaky 23-nji orta mekdebiň topary üstün çykdy. Ýaryşda ikinji orny 27-nji, üçünji orny bolsa, 3-nji orta mekdebiň okuwçy gyzlary eýelediler.

Nurgeldi ÖWEZMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň işgäri.
Beýleki habarlar