Bagtyň sakasy

20 Mart 2024
915

Ýurdumyzy ähli ugurlarda gülläp ösýän döwlete öwürmek maksadyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, berkarar Diýarymyzyň berk binýatly milli saglygy goraýyş ulgamy kemala geldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlarynyň miwesi bolan şeýle döwletli tutumlaryň täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi buýsanjymyzy artdyrýan döwletli tutumlaryň biridir.

Ulgamyň geljekki hünärmenleri hökmünde bizi — talyp ýaşlary aýratyn begendirýän ýagdaýlaryň biri ynsan saglygyny goramakda üstünliklere beslenýän giň gerimli özgertmelerde halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, giňeltmek hem-de özara tejribe alyşmak meselesiniň hemişe öň hatarda durýandygydyr. Munuň özi milli saglygy goraýyş ulgamyna dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny hem-de tejribelerini işjeň ornaşdyrmakda möhüm ähmiýetlidir. Üstünliklere beslenýän şunuň ýaly oňyn tutumlar ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek bilen birlikde, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hil derejesini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmaga düýpli itergi berýär.

Yhlasmyrat Baýramow,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby.
Beýleki habarlar