Saglyk — beglik

19 Mart 2024
1161

Gyş argynlygyndan çykylyp, bahar paslynyň maýyl ediji howasynyň täsirine berilýärsiň. Ýöne pasyllaryň çalşygynda howanyň üýtgäp durýanlygy sebäpli, bedende käbir gowuşgynsyzlygyň emele gelmeginiň ahmallygy ýüze çykýar.

Günüň dowamynda howanyň üýtgäp, ýagny säher çigrekligi, günorta wagty gyzmagy, agşamlaryna bolsa howanyň sowamagy hroniki nähoşlugy bolan adamlarda birahatlyk döredýär. Pasyllaryň çalşygy döwründe howa durumyna uýgunlaşma adamlaryň hersinde dürli ýagdaýda geçýär. Çünki howa şertleriniň üýtgäp durmagy ynsanyň immun ulgamynyň goragyny pese düşürýär. Pasyldan-pasla geçiş günlerinde dümew, sowuklama, ysgynsyzlyk ýaly nähoşluklara, irden köplenç ukynyň basmarlamagynyň duýulmagynyň köp duş gelmegi hem howanyň şol ýagdaýlary sebäplidir.

Geldimyrat MÄMMEDOW,
Tejen etrabynyň Tejen şäher hassahanasynyň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar