Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidentini kabul etdi

15 Mart 2024
157

14-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumany kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýewropaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Bellenilişi ýaly, ýurtda milli maliýe-bank ulgamyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli çäreler we dürli pudaklarda amala aşyrylýan toplumlaýyn maksatnamalar ykdysady durnuklylygy üpjün etmäge, ösüşiň ýokary depginini saklamaga mümkinçilik berýär.

Beýleki habarlar