Saglyk — başymyzyň täji

13 Mart 2024
965

Paslyň çalyşmagy, howanyň üýtgemegi bilen çagalarda duş gelýän möwsümleýin kesellerden ägä bolmaly. Bu döwürde olaryň töwekgelçiligi artyp, ýiti respirator ýokanç keseller köpelýär. Ýiti respirator ýokanjy çagalarda iň köp duş gelýän keseldir. Bu keselde, esasan hem, ýokarky dem alyş ýollary zeperlenýär.

Kesel howa, damja arkaly we galtaşma üsti bilen geçip biler. Ýiti respirator ýokanjy kliniki alamatlarynyň örän basym ýüze çykýanlygy bilen häsiýetlidir. Ilkinji 24 — 36 sagatda bedeniň gyzgyny ýokarlanýar. Bokurdagyň gijäp, agyrmagy, dem almagyň kynlaşmasy, sesiň gyrylmasy, ýürek bulanma we gaýtarma, işdäsizlik, ukusyzlyk, biynjalyk, keýpsizlik, yzygiderli aglamaklyk ýaly alamatlar bolup biler. Gury üsgürme, burnuň dykylmasy keselländen birnäçe sagat geçenden soň ýüze çykyp biler.

Baýram BERDIÝEW,
welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany.
Beýleki habarlar