Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisi

13 Mart 2024
218

12-nji martda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Aksakgallar geňeşiniň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýyldan bäri ýurdumyz TDG-de synçynyň derejesine eýedir. Türki Döwletleriň Guramasynyň maslahat beriji edarasy bolan Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň Aşgabatda geçirilmegi bu gurama bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigine şaýatlyk edýär. Türkmen halkyny gurama agza ýurtlaryň halklary bilen asyrlaryň dowamynda emele gelen taryhy kökleriň, medeni we ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Şol däpler häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Beýleki habarlar