Türki döwletleriň dost-doganlygynyň aýdyň beýany

12 Mart 2024
530

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde eziz ata Watanymyzyň at-abraýy Ýer ýüzünde barha belent derejelere göterilýär. Şunda dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär, belent maksatlar rowaçlanýar. Ynha, 11 — 13-nji martda paýtagtymyzda geçirilýän Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi hem dost-doganlyk gatnaşyklaryň aýdyň beýanydyr.

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen dost-doganlyk, halklar bilen hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ygrarly döwlet hökmünde abraýly halkara guramalary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy alyp barýar. TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginde hem çuňňur many bar. Çünki ýurdumyz bahasyna ýetip bolmajak medeni-taryhy ýadygärliklere diýseň baýdyr. Gadymy Änew düzlügi hem däneçilik, ekerançylyk medeniýetiniň ösen ýeridir. Munuň özi mukaddes türkmen topragynyň ak bugdaýyň ilkinji mekany bolandygyny habar berýär.

Ata GYLYJOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar