Türkmenistanyň Mejlisindäki duşuşyk

8 Mart 2024
225

Aşgabat, 7-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň Awstriýanyň Parlamentiniň agzasy, “Awstriýa — Türkmenistan” parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ewa Ernst-Dziedziç bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparynyň işini işjeňleşdirmek, degişli komitetleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, wekiliýetleriň özara saparlaryny guramak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhman türkmen parlamentiniň işi hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gender deňligi, ýaşlar syýasaty, ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi we ekologiýa ýaly ugurlarda alyp barýan syýasaty bilen tanyşdyryldy.

Beýleki habarlar