Tebigatdan nusga alyp

9 Mart 2024
522

Ýyllar, pasyllar hemişeki aýlawy bilen, öz ornuny çalşyp gidip otyr. Güneşli ülkämize tebigatyň ähli gözelliklerini bagyş edýän bahar pasly ýetip geldi. Türkmen taryhyna aýratyn öwüşgin çaýjak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň baharynyň gelşi hem, bu baharda ir säherler Günüň dogşy-da üýtgeşik. Ynsan ömrüne meňzeş pasyllaryň her biriniň özboluşly aýratynlygy, gözelligi bar. Ýaz paslynyň gözelliginiň, janyňa hoş ýakýan ajaýyp howasynyň terligi, tämizligi ynsany ylhamlandyrýar. Şol bir wagtda, güýç-kuwwat, joşgun eçilýär. Hoşwagt baharyň bütin barlyga jan bermek, ýaşaýşy täzeden oýarmak ukybyna haýranlar galýarsyň. Şunda eneler bilen baharyň arasynda söýgi, gözellik, sahylyk ýaly sazlaşykly meňzeşligi görýärsiň. Eýsem, bu paslyň gözelligini zenan gözelligine meňzetmek, onuň al-elwan gül-güläleklerini gelin-gyzlara bagyşlamak ýöne ýerden dörän edähet däl bolsa gerek. Muny halkymyzyň müňýyllyklary aşyp gelýän milli ýörelgeleriniň inçelikleri hem doly tassyklaýar.

Zenanlara çalymdaş, olara has ýakyn ýazyň gelmegi bilen göwün güzeriňi doldurýan wakalar hem bir-biri bilen utgaşýar. Bu pasylda ýaz ýakymly mähriban enelerimiziň, owadan gelin-gyzlarymyzyň Halkara zenanlar güni dabaraly bellenilýär. Bu pasyl — özüne meňzeş gözelleriň göwnüniň has-da ganatlanyp, ylhamynyň joşýan döwri. Mähre, söýgä, gözellige beslenýän Halkara zenanlar gününiň döwlet derejesinde şatlyk-şowhunly bellenilmegi gelin-gyzlaryň her birinde buýsanç duýgusyny döretmek bilen, olaryň işe jogapkärçiligini-de artdyrýar.

Maýsa TAÝJYKOWA,
«Zenan kalby» žurnalynyň baş redaktory.
Beýleki habarlar