Ene toprak — bereket çeşmesi

8 Mart 2024
362

4-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynyň özenini hem ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky maglumatlar düzdi.

«Nesil».
Beýleki habarlar