Goramaly bu mukaddes Watany

7 Mart 2024
357

Watan goragy mukaddes. Watanyň asudalygy ösüşleriň, öňegidişlikleriň badalgasy. Gurýan, döredýän döwlet bagtlydyr. 6-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2024-nji ýylyň ilkinji iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňläp, ýurdumyzda parahat we abadan durmuşyň ygtybarly kepili bolup çykyş edýän goranyş häsiýetli Harby doktrinany durmuşa geçirmegiň esasy meselelerine ünsi çekdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy kanunyň rüstemligini üpjün etmek, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramak üçin anyk çäreleri görmegiň zerurdygy baradaky tabşyryklaryny berdi.

Aşyrmät GARLY,
«Adalat».
Beýleki habarlar