Anyk wezipeler kesgitlendi

6 Mart 2024
267

1-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň iki aýynyň dowamynda alnyp barlan işler baradaky hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,9 göterim ýokarlanyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Şu ýylyň iki aýynda bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy hem 1,1 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 107,2 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 97,9 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,3 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar