Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek

6 Mart 2024
397

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işler üstünlikli alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly, 22-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Halk bähbidini nazarlaýan bu mejlisiň barşynda Gahryman Arkadagymyz taryhy söz sözläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň birnäçe ugurlaryny kesgitledi.

Milli Liderimiziň beýik başlangyçlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändigi nygtalmaga mynasypdyr. Sol sebäpli-de, demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde täze belentliklere ýetýändigi, ýurdumyzda raýat jemgyýetiniň esaslarynyň yzygiderli berkidilýändigi aýdyň görünýär.

Döwran AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory.
Beýleki habarlar