Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

5 Mart 2024
334

4-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Olar welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, Halkara zenanlar güni mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýaýbaňlandyrylyşy, şeýle hem Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar