Döwletli işler dowamat

28 Fewral 2024
298

23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisde ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy baradaky hasabatlary diňlenildi. Mejlisde ilki bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny bermek hakynda Buýrugyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berildi. Mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky ata-babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz degişli Buýruga gol çekip, Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlara pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar