Ygtybarly hyzmatdaşlygyň möhüm ädimleri

28 Fewral 2024
356

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda: «Taryh nähili ýazylýar?» diýen sowala her kim öz düşünişine görä jogap berer. Aslynda, «taryh ýazmak» diýen düşünjäniň özi dürli-dürli teswirlemelere elter. Muňa garamazdan, goluňy gursagyňa goýup, ykrar edip boljak hemmelere äşgär bir hakykat bar: Taryh beýik işler bilen ýazylýar. Taryh halk üçin edilen, halk bilen bilelikde ýerine ýetirilen beýik amallar bilen ýazylýar» diýip belleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhaslary bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelere esaslanýan daşary syýasaty dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyz halkara bileleşigiň agzasy hökmünde hem-de öz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanmak bilen, dünýä giňişliginde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge, häzirki zamanyň wehimleriniň we howplarynyň öňüni almaga, olaryň täsirini peseltmäge gönükdirilen işleri üstünlikli dowam etdirýär. Ata Watanymyz dünýä we sebit döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Türkmenistan energetika we energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, ekologiýany, daşky gurşawy goramak, suw serişdeleri, azyk howpsuzlygy ýaly ugurlar boýunça dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we innowasion çözgütlerini çekmäge ýardam bermek maksady bilen, halkara hyzmatdaşlyk üstünlikli dowam etdirilýär.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar