Her bir işde iliň-ýurduň bähbidi

27 Fewral 2024
308

Her gezek ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen taryhy waka bilen bagly bir zat ýazmaly bolanda, ilki ony kemsiz öwrenýäň. Soň bolsa onuň il-ýurt bähbitli ajaýyp işlerdir başlangyçlardan dolulygyna göz ýetirip, ylham atyna atlanyp, olaryň birini-de galdyrman, ýazasyň, halka ýetiresiň gelýär. Şol pursat Şemsi Töwriziniň «Çeken zähmetiň bilinmez, eden işiň görünmez öýtme, garaňky gijede gara garynjany gören bar» diýen sözleri dünýäňi has-da ýagtyldýar. 22-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi we onuň dowamynda çözgütlerine gowşan meseleler bilen tanşyp hem «Munda her bir iş diňe il-ýurduň bähbidine, abadan durmuşyň üpjün edilmeginiň hatyrasyna. Bu işleriň gadyryny ýaşuly nesil has gowy bilýändir, bu işlerden häzirki jemgyýet döredijilikli zähmete ruhlanýandyr, geljek nesilleriň bolsa alkyşy tükenmezdir» diýeniňi duýman galýarsyň. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 9-njy fewralda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde degişli Karar bilen tassyklan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» hem-de onda durmuşa geçirmek göz öňünde tutulan wezipeler babatda-da şeýle duýgulara beslenýärsiň.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň esasy maksady-da agzalan Maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde gaýragoýulmasyz wezipeleriň kesgitlenilmegidir. Şeýle hem onda şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Türkmen dünýäsi».
Beýleki habarlar